azajyk

azajyk
[a:zajyk]
1) Birnemejik, birazajyk, köp däl, az-kem.
∙ Bulutsyz tämiz howada azajyk öwüsgin bardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Azajyk gaýgyny iş basar, azajyk agyryny-aş. (Nakyl)
2) Uly bolmalyk, gysgajyk, uzyn däl.
∙ Manysy azajyk, sözi ep-esli, Köpden köp ýazmaga ökdedir ökde. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem azajyk - azajygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»